Magtymguly pyragy

ÇORBA / ÇORBA

Taýýarlamak iiçin: 
1 kg. ete 2 diiýp sogan, 
200 gr. pomidor, 
0,5 kg. kartoşka
duz we burç gerek.



Ulurak bölekler görnüşindäki (0,5 - 1,0 kg) süňkliräk goýun etini ýuwup, duzlap, sowuk suwa salyp gaýnatmaly. Biraz gaýnandan soňra, köpügini aýryp, üstüne sogan, poraidor dogramaly. Eti bişip ugransoň, arassalanan käşir (ýa - da iriräk böleklenen kartoşka) atmaly. Türkmenleriň arasynda «Asma çorba» ýa - da «Gaýnatma» ady bilen tanalýan çorba hem şu naharyň biraz parhlyrak usulda taýýarlanýan bir görnüşidir.
Onda täze soýlan goýun eti 50 - 70 gr. möçberde böleklenýär we duzlanýar. Gazana atylyp üstüne suw guýulýar we gaýnadylýar. Üstüne dogralan sogan, pomidor, kartoşka atylýar. Halk içinde oňa belke, unaş atyp bişirýänler hem bar.
Eger - de çorbaňyzyň dury bolmagyny isleseňiz, onda gaýnaýan wagty gazanyň ýüzüne çykýan köpüklerini aýryň! Saçaga äberilende üstüne kerçelen gök ot sepip äberilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder