Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / ŞÜLE

Taýýarlamak üçin: 
0,5 kg ete - 2 düýp sogan
3-5 käşir, 4 bulgur (stakan) tüwi 
9 bulgur (stakan) suw
islege görä duz we burç gerek.




Munuň taýýarlanyşy hem palawyň taýýarlanyşyna meňzeşräk. Eti her bölegi 15 - 20 gr. bolar ýaly dograp duzlamaly. Käşirdir sogany, pomidory hem dograp taýýar edip goýmaly. Soňra ýagy gowy ýakyp, eti onda gowurmaly. Et gowrulyberende, käşirdir sogany üstüne atyp, tä gyzaryp ugraýança gowurmagy dowam etmeli. Hemmesi gowrulansoň, üstünden gaýnag suw guýmaly. Biraz wagtdan soň (eti bişenden soň) tüwüsini atmaly we oduny peseltmeli. Gaýnap başlansoň, duzuny görüp, duzy ýeňilräk bolsa, ýene duz atmaly. Tüwi goýy görnüşe geçdigi bu onuň bişdigidir. Içine erik, kişmiş atylsa tagamy has - da gowulaşýar. Saçaga äberilende üstüne mesgedir garaburç goýulsa has - da ýerine düşer.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder