Magtymguly pyragy

degişmeli goşgular

Gelinalyja gatnaýan bibaş şofýorlar barada



Gelinalja taýýarlanýar  ine  toý ýeri,
Gyzlaram gidermen gelnem gidermen,
Saýlap seçip  ygnapdyrlar maşyny,
Maşynlar edermen, şofýor  edermen.
On bäş maşyn jemlediler az boldy,
Ýigrimini şaýladylar saz boldy,
Ýaşuly diýip mündürdiler bir adam,
Ondan özge hemme gelin-gyz boldy.
Molla pata berip elin göterdi,
Hemmeler ýüzüne elin ýetirdi,
Gelinaljy uly ýola ddüşensoň,
Mollanyň patasam güýjün ýitirdi.
Oýun edýärler maşynlaram çapyşyp,
Milise tapylmaz şol wagt gapyşyp,
Ýaşuly diýip gaýdan biçäre bende,
Kelemesin aýdýar ýaka ýapyşyp.
Aýdanyň ýer almaz gury gep bolar,
Kä sagdan, kä çepden dep-hä dep bolar,
Uly ýolda bir-birine süýkenşip,
Gapdaldaky tutly ýaba güp bolar.
Gyz alyp gaýdansoň bolarlar beter,
Uly ýola çykyp bozular hatar,
Maşyndan çykaryp ýarpy göwresin,
Oglan-gyzlar dürli batyrlyk satar.
Toýda garaşýarlar gelinalja gelne,
Ynjytman gowşuryň oglanyň elne,
Tozga ýaly tozap gidäýmäň ýene,
Oýun edip ýörşiňize ajal eline.
Ýagşy ýaman iş edilse at bolar,
Ýatdan çykmaz ömürbaky ýat bolar,
Könelerden galanaja bir  nakyl bar,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar,
Abraý bilen geliň ýagşy at bolar.



yaşlyk dramasy (degişmeli)

Men Gundim,sen asmanda Aykan 
I LOVE YOU diyp geypdin mayka
Menem birgun surerin janym Cayka
Seydip gahar edip arzuwlan wagtyn.

Koplenc diyaler Moskwa ne Soci
Sence bolup biljekdir koroci
Sms yazysardyk ,,Bala spokoyna noci,,
Menin yigit wagtym sen gyz wagtyn


Gyzlar. (Degishme aheñinde))



Bizar boldum telefonyñ jañyndan

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

Jyññyrdap başlaýar günüñ dañyndan

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

***

"Söýýän" diýip ony oda salýañyz

Söýeñzogam söýen kişi bolýañyz

Gaş kakyp, göz gypyp aklyn alýañyz

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

***

Agşama howlugýar sagadyn belläp

Duşuşanda berjek sowgadyn telläp

Käte urlup gelýar, dodagyn sallap

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

***

Ugruñyzda entäp gije giç ýatýar

Düşünde samyrdap adyñyz tutýar

Ukudan doýmanka ýene dañ atýar

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

***

Gijeler çagyryp bagyñ çetine

Ýardyrýañyz goñşyñyzyñ itine

Käte bolup gelýär gyzyl etene

Oglumy gününe goýuñ siz gyzlar

***

Eşdiñ gyzlar hijiñizem aljak däl

Gelin edip işigimden saljak däl

Balajygmy öýeräýmesem boljak däl



Karzyñy bersene dostdum




Zerur diÿip geldiñ, ÿumšuñ bitirdim,

Alanja puluñy bersene, dostum!

Ynjyk diÿme, üç ÿyl dymyp oturdym,

Alanja puluñy bersene, dostum!

***

Guda bolduk, oglumyzy öÿerjek,

Karzyñ üzseñ, kömek edenje görjek,

Hossarymdan ozal toÿa çagyrjak,

Alanja puluñy bersene, dostum!

***

Aÿalym igenÿär her gün, her sagat,

"algyñ alyp bilmän, geziber ysnat...",

Erkek kišä gep çekmeklik agyr zat,

Alanja puluñy bersene, dostum!

***

Algym barka karz sorap ÿörmäÿin,

Gaÿrat etseñ gadyryñy bileÿin,

Berjek puluñ ÿaryn sowgat bereÿin,

Alanja puluñy bersene, dostum! 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder