Magtymguly pyragy

JYNSY GATNAŞYGYŇ BOLMAZLYGY AÝAL ÜÇIN ZYÝANLYMYKA?

Salam, hormatly lukman! Men öz gelnimin saglygy barada alada edenim üçin şeýleräk sorag beresim gelýär. Men öz bilim derejämi ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurda okuwa gaýtmaly boldum, öýde gelnim hem-de 1 oglum galdy. Gelnim okuwa gitmegimi islemedi, sebäbi biz ýaş maşgala. Ýöne muňa garamazdan, bilim, ylym almak arzuwym meni öz gelnimden köp ýyllar aýra ýaşamaga mejbur etdi. Şeýlelikde aýal maşgala köp ýyllaryň dowamynda jynsy gatnaşykda bolmazlygy, öz saglygyna zyýanyny ýetirip bilermi? Şeýle-de kabir maşgalada öz aýalyna bolan höwesi gaçyp başga zenan bilen jynsy gatnaşygy edip, öz aýalyna gerekli mukdarda ýeterli jynsy gatnaşykda bolmadyk ýagdaýynda öz aýalynyň saglygyna zeper ýetirip bilermi? Siziň berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen  garaşýarys.
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
Dürli sebäplere görä, wagtlaýyn jynsy gatnaşyklardan saklanmak aýal maşgala uly zyýan ýetiresi ýok. Ýöne uzak möhletleýin bu gatnaşyklardan mahrum bolmaklyk aýalyň ruhy dünýäsine ýaramaz täsir etmegine, bedende gormonal bozulmalaryň döremegine (ýatgynyň miomasy, ýumurtgalyklaryň kistalary we başgalar), kiçi çanaklyk agzalarda gan aýlanyşygyň bozulmagyna we durgunlylyk ýagdaýynyň döremegine getirip biler. Lukmanlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşyklaryň uzak wagt bolmazlygy aýalda dürli seksual bozulmalaryň (seksual kanagatlanmany alyp bilmezlik, jynsy gatnaşykda döreýän agyrylar) döremeginiň sebäbi bolup bilerler.
Är-aýal jübütleriň uzak wagt aýry düşmegi olaryň arasyndaky ruhy ýakynlygy, jebisligi hem gowşadyp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder