Magtymguly pyragy

ÇORBA / ÇEKDIRME

Taýýarlamak iiçin: 
1,5 kg. ete we bagyr - öýkene 3 diiýp sogan, 
4 käşir, 3 pomidor, 
1-2 sany bolgar burçy, 
gök otlar, duz we ş.m. gerek



Çekdirme bu azrak suw guýlup, täze etden taýýarlanýan nahardyr. Toklynyň ýa - da çebşiň etini süýriräk edip dograp, arassalanan ýürek, bagyr, böwrek, öýken, dil ýaly bölekleri-de üstüne goşup, gazana atmaly. Biraz dogralan düýp sogan - da atyp, bulary gowurmyşlamaly. Soňra üstüne etleri sähelçe ýapyp duran derejede sowuk suw guýmaly we ýuwaşja ýanýan otda tä gowy bişýänçä gaýnatraaly. Çorba gaýnap ugransoň, oňa arassalanan käşir atmaly.
Naharyň gaýnamagy galmazdan 15 minut ozal bolsa, pomidor, bolgar burç, duz we beýleki tagamlandyryjy önümler atylyar. Muňa isleg bolsa çekdirmä kartoşka hem atyp bişirmek bolar.
Saçaga äberilende, etler we käşirler ýaýbaň bir tabaga goýlup, üstüne bolsa kerçelen gök otlar atylyp äberilýär. Çorbasy bolsa käselere guýlup aýry çekilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder